“Eşiden deň bolmaz gören göz bilen”
642Halk arasynda “Eşiden
deň bolmaz gören göz bilen” diýlen şeýleräk bir aýtgy bar. Bu gürrüňiň hakykatlygyna bolsa ýörite
hünär ders mugallymymyz Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeniýeti
öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy, halypa folklorçy Enejan Annageldiýewanyň
ýolbaşçylygynda fakultetimiziň Horeografiýa sungaty: Folklor toparyny guramak
we dolandyrmak taýýarlygyň ugry boýunça I,II,III ýyllyk talyplary bilen Türkmenistanyň
döwlet milli muzeýiniň Etnografiýa bölümine gurnalan ekskursiýamyzda hem aýdyň göz
ýetirdik. Muzeýiň binasynyň ikinji gatynda ýerleşýän bu bölüme gadam basanyňdan
göýä türkmen taryhynyň gatlaryna düşen ýaly bolýaň. Halkymyzyň ekerançylyk, çarwaçylyk,
balykçylyk, dokmaçylyk däpleridir halk
hojalygy bilen bagly gyzykly muzeý eksponatlary seni biygtyýar özüne çekýär we baý
medeni mirasyň mirasdüşerleridigimize buýsanç döredýär. Türkmen zenanlarymyzyň
zehinlerinden dörän keşdeçilik sungatymyz bolan muzeý gymmatlyklary mende
aýratyn täsir galdyrdy. Gadymy zenan başatgyçlary, kürte-çyrpylary,
ene-mamalarymyzyň gadymy döwürde geýen çabyt, mahmal don, mawut, küleçe
ýaly dürli görnüşli donlary, zenan we
çaga başgaplary, kümüş şaý-sepleriniň asyl nusgasy bilen tanyşmak biziň üçin örän
gyzykly boldy.
Biziň esasy hünär ugrumyz Folklor toparyny guramak we
dolandyrmak bolanlygy üçin bu maglumatlar bize gyzyldan gymmatly. Sebäbi
folklor eserlerini sahnada goýýan folklor režissýory üçin halkyň
etnografiýasyndan, medeni mirasyndan, şahyrana halk döredijiliginden ussatlyk
bilen baş çykarmak esasy zerurlykdyr. Milli muzeýe gurnalan bu ekskursiýa Folkloryň
režissurasy okuw dersinde Enejan mugallymyň berýän umumy okuwlaryny amaly
okuwlar bilen utgaşdyrmagyň bir netijeli usuly boldy.
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Watanymyzyň beýik geljegi biz ýaşlara ýüzlenip, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
şeýle diýýär: “Ýaşlar biziň geljegimizdir! Olar halkyň,ýurduň ykbalyna dahylly
adamlar”. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamyny ödäp, onuň öňdengörüjilik
bilen belleýşi ýaly, halkyň we ýurduň ykbalyna dahylly bolmak üçin biz ýaşlaryň
öz saýlan hünärimizden kämil baş çykarmagymyz gerek. Kämillige bolsa öwrenmek,
irginsiz zähmet, çuňňur ylym, çyn yhlas, hünäre bolan söýgi bilen ýetilýär. Şu
günki gyzykly geçen ekskursiýamyz hem kämillige barýan ýolumyzdaky bir ädimimizdir.
Elwan Garryýewa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Medeni miras fakultetiniň I ýyl talyby




