Kitap marafonynda

372

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly
ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda
jemgyýetiň we döwletiň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm binýady emele
getirýän milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Watanymyzyň
egsilmez kuwwaty we nurana geljegi bolan ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim
almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, beden we ruhy taýdan
sagdyn ösmegi, giň gözýetimli we öz hünär bilimlerini berkitmegi üçin ähli
zerur şertler we mümkinçilikler döredilýär.



          Şeýle mümkinçilikleriň biri hem 2025-nji ýylyň
24-nji sentýabryndan 24-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň magistrleriniň we talyplarynyň arasynda çeper eserleri okamak
boýunça geçirilen “Kitap marafonydyr”. 
Bu bäsleşik Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller üçin pähim-parasadyň we
bilimleriň çeşmesi bolan, biziň her birimiziň ýankitabymyza öwrülen “Türkmenistan
– Bitaraplygyň mekany” atly ylmy-ensiklopedik kitabyny labyzly okamak we dürli
sowalnamalara jogap bermek hem-de goşmaça tabşyryklary ýerine ýetirmek ýaly şertler
bilen umumy iki tapgyr esasynda 
geçirildi. Netijede köp sanly kitapsöýüji ýaşlar öňe saýlanyp,
bäsleşigiň jemi jemlendi.



         Bäsleşige gatnaşyp
deň-duşlaryndan saýlanmagy başaran şol kitaphon ýaşlaryň arasynda biziň Türkmen
döwlet medeniýet institutymyzda bilim alýan 7 sany bagtyýar talyplar hem bar.
Olar Teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyplary Şageldi Salyhow, Myrat
Baýramow, 3-nji ýyl talyby Diýar Gylyjow, 4-nji ýyl talyby Käbe Sarenko,  Syýahatçylyk 
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Şirnazar Taganow, 2-nji ýyl talyby Bägül
Allaberdiýewa, Kitaphanaçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Jeýhun Durdyýew
dagylardyr. Bu bäsleşikde talyp ýoldaşlarym bilen bir hatarda maňa-da ýeňiji
bolmak bagty miýesser etdi. Men hem öz gezegimde talyp deň-duşlarymyzy gazanan
ajaýyp ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mundan beýläk-de ýeňişleriniň,
baýrakly orunlarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýärin!



         Biz
– talyp ýaşlara şu ajaýyp, eşretli zamanada ýaşamaga, döwrüň öňdebaryjy
innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanmaga, okamaga, öwrenmäge, döretmäge we
ökde, kämil hünärmenler bolup ýetişmäge döredip berilýän giň mümkinçilikler
üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary
sag, belent başlary aman bolsun! Il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik
işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!



 



 



 



Şirnazar TAGANOW,



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň



Syýahatçylyk fakultetiniň



Myhmanhana işi taýýarlygyň ugrunyň



1-nji ýyl talyby



 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm