Tomus pursatlaryndan hasylly güýze HALKARA TEJRIBELER – TÄZE GÖZÝETIMLER
404Her geçen gün ömür taryhymyzyň täze sahypasyny külterleýär. Her geçen aý
täze tejribe toplamaga itergi berýär. Her geçen pasyl köne duýgulary goýnuna
dolduryp, täze başdan geçirmelere atarýar. Her geçen ýyl özünden täze seneleri,
täze pursatlary miras galdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwri iň ýakymly, ýatda galyjy hem ösüşli pursatlary peşgeş berýär.
Täze wakalaryň özünden şol ýolda duş gelen
adamlar, Adam bilen baglanyşykly pursatlar has täsirli bolýan eken. Wagtyň
geçmegi bilen zatlaryň özi däl-de, şol zatlar bilen baglanyşykly pursatlaryň,
şol pursatlara sebäp bolan adamlaryň gymmaty kalbyňda hem aňyňda orun
alýandygyna göz ýetirýärsiň.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň
wakalary şeýle ýakymly pursatlara diýseň baýdyr. Ýurdumyzda geçirilýän dünýä
möçberli iri çäreler, pudaklaryň wekilleriniň yzygiderli daşary ýurt saparlary ýylyň
meýilnamasyndaky halkara çäreleriň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Bilim
ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professor-mugallymlary ýylyň dowamynda
birnäçe okuw maslahatlaryna, festiwallaryna gatnaşdylar.
2025-nji ýylyň dowamynda maksatnamalaýyn çäreleriň
hatarynda hünär kämilleşdiriş okuwlarynda bolmagymyz hem şeýle ýatdan çykmajak
pursatlaryň birine öwrüldi. «Erasmus+ KA107» maksatnamasynyň çäklerinde
2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň dünýä
tejribesini öwreniş kafedrasynyň mugallymy Maral Myratlyýewa Türkiýe
Respublikasynyň Çankyry şäherindäki Karatekin uniwersitetinde Türkmenistanyň
syýahatçylyk mümkinçilikleri barada iňlis dilinde gysga döwürleýin okuw
sapagyny geçirip geldi.
Karatekin uniwersitetinde dünýäniň 90-dan
köpräk ýurdundan müňlerçe talyp bakalawr we magistr maksatnamasy boýunça ýokar
hünär bilimini alýar. Aspiranturada we doktoranturada ylmyň dürli ugurlary
boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Bu uniwersitet «Erasmus+KA107»
maksatnamasy boýunça tejribe alyşmak babatda öňdebaryjy ýokary okuw
mekdepleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçin bu ýokary okuw mekdebinde bilim
alýan talyplara Türkmenistan Watanymyz we onuň gadymy taryhy, baý medeniýeti we
syýahatçylyk mümkinçilikleri barada okuw sapaklaryny geçmek iň oňat mümkinçilikleriň
biridir.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly
başlangyçlary bilen halkara bilim maksatnamalary boýunça professor-mugallymlaryň,
şeýle-de döwrebap hünär ugurlarynda zähmet çekýän işgärleriň hünärlerini
kämilleşdirmekleri barada biçak uly işler amala aşyryldy. Bu başlangyçlaryň
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, daşary
ýurtlarda okap bilim almak, onlaýn okuwlary geçmek, şeýle hem daşary ýurtlaryň
öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, kompaniýalarynyň tejribeli
professor-mugallymlarynyň, bilermenleriniň Türkmenistana gelip we onlaýn
görnüşde okuw sapaklaryny geçmegi, türkmen hünärmenleri bilen tejribe
alyşmaklary indi adata öwrüldi. Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we
talyplarynyň tejribe alyşmaklary Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hem alnyp
barylýan bilim özgertmeleriniň esasy maksady bolup durýar.
Ykjamlyk, dürli şertlere uýgunlaşmaga
ukyplylyk, tiz öwrenmek we öwrenişmek ukyplaryny ele almak žurnalistlerde,
beýleki işjeň jemgyýetçilik işgärlerinde zerur bolşy ýaly, XXI asyryň
mugallymlary üçin hem möhüm talap bolup durýar. Şol sebäpli ýokary okuw
mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň daşary ýurtlarda bilimlerini kämilleşdirmegi,
Türkmenistanyň birnäçe ýokar okuw mekdeplerinde daşary ýurtly professor-mugallymlaryň
zähmet çekmegi, daşary ýurtly ýaş raýatlaryň ýurdumyzda ýokary hünär bilimini
almagy garaşsyzlygyň miweleri bolup, mugallymlaryň döwrebap tejribeleri ele
almagy üçin iňňän ähmiýetli bolup durýar.
Geçen okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen, täze okuw
ýyly üçin dünýäniň çar künjeginde bilim
işgärlerini gysga möhletleýin hünär kämilleşdiriş okuwlary dowam etdi. 2025-nji
ýylyň iýul aýynyň ikinji ýarymynda öň gazanylan oňyn tejribäniň esasynda
Çankyry şäherindäki Karatekin uniwersitetinde «Erasmus+ KA171 International
Credit Mobility Project» maksatnamasy boýunça hünär kämilleşdiriş okuwynda
bolmak miýesser etdi. Okuw maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanda amala
aşyrylýan bilim özgertmeleri, zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimiziň hünär
aýratynlyklary, döredilmeginiň taryhy we häzirki wagtda alyp barýan işleri
hakyndaky maglumatlary jemleýän iňlis dilinde okuw sapagyny geçirdik. Karatekin
uniwersitetiniň dolandyryş aýratynlyklary, fakultetleri we kafedralary, halkara
tejribeleri öwrenýän bölümleri, ylmy-önümçilik merkezleri, talyplaryň ýerine ýetiren
işleri barada tanyşlyk okuwlaryna gatnaşdyk. Ýokary okuw mekdebiniň garamagyndaky
taryhy ýadygärlikde alnyň barylýan bilim, jemgyýetçilik işleri bilen tanyşdyk.
Okuwyň medeni maksatnamasy Çankyry şäheriniň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen
tanyşlygy öz içine aldy. Ýurduň paýtagtyndan 130 kilometr uzaklykda ýerleşýän
Çankyry şäheriniň meşhur syýahatçylyk nokady bolan Duz galasyna (Ýerasty Duz
şäheri), şäheriň irki hasaplanylýan binagärlik toplumlaryna zyýarat edildi.
Iş saparynyň dowamynda iň täsir galdyran
ýerleriň biri Ankara şäherindäki Milli kitaphanadyr. Il arasynda «prezident
kitaphanasy» diýip atlandyrylýan bu kitaphana ýurduň iň iri kitaphanalarynyň
biridir. Onuň esasy aýratynlygy hyzmat ulgamynyň giň gerimidir. Şol bir wagtda okyjylara
mugt hyzmatlary hödürleýän kitaphananyň binagärlik gurluşy hem myhmanlary haýran
edýär. Okyjylar üçin 24 sagadyň dowamynda 2 gezek naharlanmak, günüň islendik
wagtynda suw, kofe, çaý içmek mümkinçiligi bolan kitaphanada tematik – taryhy
we döwürleýin bölümler, şeýle-de, çagalaryň dynç alyp okamaklary üçin aýratyn
maşgala otaglary we ýapyk meýdançalar, ýokary okuw mekdepleriniň
professor-mugallymlaryna, ylmy-barlag işlerini alyp barýanlara niýetlenen
ýöriteleşdirilen otaglar üznüksiz işlemäge şert döredýär. Dünýä meşhur «Garri
Poter» erteki-filminiň okalga jaýynyň binagärlik gurluşyny ýatladýan merkeziň
täsin eýwany birbada müňlerçe okyja hyzmat edýär. Üstesine-de, ýörite sergi
gatlary bar. Biziň baran günlerimiz Osmanly döwletine bagyşlanan sergi dowam
edýärdi. Milli gymmatlyklar bilen birlikde, her bölümde görkezilýän filmler
zyýaratçyny gadymy taryhyň goýnuna – oguz türkmenleriniň döwlet guran
döwürlerine dolaýar. Olaryň beýik ýeňişleri kalbyňda egsilmeýän buýsanç duýgularyny
döredýär. Kitaphananyň birinji gatynda Türkmenistana degişli bölümiň bolmagy,
ol ýerde öň hatarlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,
Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň bolmagy iň üýtgeşik täsirleri peşgeş berdi.
Kitaphananyň ýerasty awtoduralgasynyň dolulygy,
hatda ulag üçin nobatlaryň hatary bu merkeziň ilat arasynda meşhur ýerdigine
güwä geçýär. Şunda öz Watanymyzyň ähli welaýatlarynda obserwatoriýalary bolan
döwrebap kitaphanalaryň köşklere «gaýra dur» diýdirýän binalarynyň bolmagyny
guwanç bilen ýatladyk. Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň
mümkinçilikleri hakynda kärdeşlerimiz bilen paýlaşdyk. Okymyş halkymyz bilim
almagyň, öwrenmegiň, okamagyň ähmiýeti hakynda ençeme nakyllary, paýhasly
pikirleri döredipdir. Okamak endigi ýüzýyllyklaryň dowamynda asylly häsiýet
hökmünde kesgitlenipdir. Çagalykdan kitaphanada işleýän mähriban zenanlaryň
hemişe ynamdar kömekçi bolandyklaryny göz öňüne getirsek, kitap okamaga bolan
höwes döredýän şertleriň milletimiziň ruhunda ýaşaýandygy hakyndaky pikirler
doly tassyklanýar.
Hawa, ýatdan çykmajak pursatlary döredýän
adamlar hakynda ýazan mahalyň keşbi hakydaňda hemişelik galýan Ýasemin ene ýaly
mähriban ýüzler seriňden aýrylyp ötägitmeýär. Uzak ýola ýoldaş bolan hormatly
dynç alyşdaky, paýhasly zenanda aslymyza mahsus ynsanperwerligi tapdyk. Kitap
okamak hakynda gürrüň edenimizde, Stif Jobsyň ömür-döredijiligine bagyşlanan
kitaby golundan düşürmedik zenana haýran galyşym şu gün hem şol täsin duýgulara
dolaýar. Ankaranyň belent alaňlardaky köne galalary, ýigriminji asyryň tutuş
dowamyny janlandyrýan Rahmi M. Koç muzeýi we onuň çaýhanasy, şäheriň belent
diňi, «Ýaşyl dünýä» dükany we seýilgähler toplumy medeni maksatnamany täze
gözýetimler bilen baýlaşdyrdy. Bu baý mazmunly maksatnamanyň ýerine
ýetirilmeginde uniwersitetiň Erasmus maksatnamasy bölüminiň mugallymlary Eje
Güneniň, Şuaýip Turanyň, Şekillendiriş sungaty bölüminiň mugallymy Feride
Sezeriň hyzmatlaryny hoşallyk bilen ýatlaýarys.
Himiýa senagatyndan başlap şekillendiriş
sungaty, telewideniýe we kino režissurasy hünärlerine çenli taýýarlyk
ugurlarynyň 40-a golaýyny özünde jemleýin ýokary okuw mekdebi talyplara birbada
2 hünär boýunça ýokary bilim baradaky diploma eýe bolmaga mümkinçilik berip,
ýerli şertlerde köpugurly döwrebap ýokary okuw mekdebiniň oňyn tejribelerini
hödürleýär. Bu tejribeleriň durmuşa geçirilişi bilen ýerinde tanyşmak
mümkinçiligi ylmy-usuly, döredijilik işini utgaşdyrmak babatynda bize täze
mümkinçilikleri berdi. Täze okuw ýylynda täze hyzmatdaşlarymyz bilen birlikde,
täze taslamalaryň meýilleşdirilmegi oňyn tejribeleri özleşdirmekde möhüm ädim
bolup durýar. Şunuň ýaly döwrebap tejribeleri yzygiderli özleşdirmäge, hünär
kämilligini gazanmaga iňňän uly şertleri döredip berýän Alym Arkadagymyza,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden hoşallygymyzy aýdýarys.
Sähragül JANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy,
sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.




