«TÜRKMEN BITARAPLYGY DÖWLET BERKARARLYGYMYZYŇ BERK BINÝADYDYR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

376
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Türkmen Bitaraplygy döwlet berkararlygymyzyň berk binýadydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatyň institutyň uly mejlisler zalynda geçirilen umumy mejlisinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty A.D.Aýdogdyýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Myhmanhana işewürligi kafedrasynyň dosenti O.Annamyradowa «Bitaraplyk syýasaty myhmansöýerlik pudagynyň sütünidir», Syýahatçylyk kafedrasynyň uly mugallymy B.Ataýewa «Bitaraplyk ýoly dünýä nusga göreldämiz», Medeni guramaçylyk işi kafedrasynyň mugallymy Ş.Mollaýewa «Bitaraplyk – şöhratymyz-şanymyz», Dünýä tejribesini öwreniş kafedrasynyň mugallymy J.Meredowa «Bitaraplyk ýoly – milli mertebämiz», Teatr sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby E.Ataýew «Bitaraplyk – bagtyýarlygyň binýady» (Ylmy ýolbaşçysy: A.Durdyýew, Režissura  kafedrasynyň mugallymy), Türkmen döwlet medeniýet institutynyň arheologiýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby S.Batyrowa «Bitaraplygyň taryhy kökleri» (Ylmy ýolbaşçysy: M.Hojagulyýewa, medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň uly mugallymy) atly temalar boýunça çykyş etdiler. 
Umumy mejlisdäki çykyşlar tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar Türkmen döwlet medeniýet institutynyň zehinli talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny diňlediler. 
Ylmy-amaly maslahatyň «Hemişelik Bitaraplyk döwlet berkararlygymyzyň berk binýadydyr» atly I bölüminde (Başlyk: Gojaýewa O., Türkmen döwlet medeniýet institutynyň maglumat ulgamlary kafedrasynyň  müdiri, uly mugallym). Kätip: Annaýew B., Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň  medeniýeti öwreniş taýýarlyk ugrunyň magistranty) ylmy-amaly maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda çykyşlaryň 23-si diňlenildi. Ylmy-amaly maslahatyň «Hemişelik Bitaraplyk syýasy-ykdysady, medeni-durmuş maksatly ösüşlerimiziň aýdyň ýoludyr» atly II bölüminde (Başlyk: Annabaýewa B., Türkmen döwlet medeniýet institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kaferasynyň müdiri, mugallym. Kätip: Käbäýewa O., Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň  2-nji ýyl talyby) çykyşlaryň 23-si diňlenildi.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplarynda beýan edilýän pähim-paýhaslar, gymmatly maglumatlar, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli ylmy esasly maglumatlar, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli beýik işleri üçin alkyşly hoşallyk sözleri çykyşlarda giňden beýan edildi.  

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
           Ylym bölümi.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm