PUBLISISTIK MAKALALAR BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI

2050

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan
edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli
Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli
talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» atly publisistik makalalary ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi.



Bäsleşige ýurdumyzyň 19 sany ýokary okuw mekdebinden 51 talyp «Hemişelik
Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen tema boýunça
ýazan publisistik makalalary bilen gatnaşdylar.  



Bäsleşikde Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň Syýahatçylyk fakultetiniň
Syýahatçylyk taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Kakajan Bäşimow Baş baýraga,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar
we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalar hünäriniň
3-nji ýyl talyby
Resulberdi Çerkezow
I orna,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Şekilleniriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyby Amangül
Goçmyradowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň arheologiýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl
talyby Sähra Batyrowa II orna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakutetiniň Žurnalistika
hünäriniň 2-nji ýyl talyby Enejan Mahmedowa, Türkmenistanyň
Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň
radiotehnologiýalary fakultetiniň Signallary ibermegiň, kabul etmegiň we
gaýtadan işlemekligiň radiotehniki serişdeleri hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýgül
Annageldiýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň Rus dili we edebiýaty
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Hesel Babaýewa III orna mynasyp boldy.



Türkmen döwlet maliýe institutynyň
Maliýe fakultetiniň Maliýe gözegçiligi taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Azat
Aşyrmuhammedow, Türkmenistanyň Serhet
institutynyň Serhet goragy, dil bilýän hünärmen hünäriniň 3-nji ýyl
talyby Pena Nurjanow,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Kompýuter
lingwistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Dürli Jumaýewa,
Seýitnazar Seýdi
adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmen dili we edebiýaty
hünäriniň 4-nji ýyl talyby Aýşirin Işanowa Türkmenistanyň Içeri işler
ministrliginiň Institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby
Guwanç Ödäýew höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandy.



2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň
arasynda geçirilen bu bäsleşige hödürlenen işler oňa gatnaşyjylaryň  öz işlerinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk
derejesiniň taryhy ähmiýetini, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleri ýokary ruhubelentlik, uly joşgun
we çeperçilik bilen beýan edýändiklerini görkezdi. 



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölümi.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm