TARYHYŇ JANLY SAHYPALARY: ARHIW MAGLUMATLARY

81
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň arhiw işini öwreniş hünäriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk aýratyn ähmiýete eýe boldy. Çärede Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň resminamalary ulanmak bölüminiň başlygy Elida Surenowna Džawagirýan çykyş etdi. Ol öz çykyşynda «Türkmenistan – Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ygtybarly tyl: frontdan gelen hatlar (arhiw resminamalary esasynda)» atly tema boýunça arhiw resminamalarynyň ähmiýetini açyp görkezdi.
Elida Džawagirýan öz çykyşynda 1941-1945-nji ýyllaryň agyr synaglarynda türkmen halkynyň görkezen gahrymançylygy barada belledi. Arhiw maglumatlaryna görä, Türkmenistan şol döwürde diňe bir fronty esger bilen üpjün etmän, eýsem «ygtybarly tyl» hökmünde hem taryha girdi.
Duşuşygyň iň täsirli pursatlarynyň biri Elida Surenownanyň arhiwde saklanyp galan «üçburçluk» hatlar baradaky gürrüňleri boldy. Frontdan gelen hatlar – bu diňe bir kagyz däl, eýsem söýginiň, wepalylygyň we ýeňşe bolan ynamyň janly subutnamasydyr.
Arhiw işini öwreniş hünärinde okaýan talyplar üçin bu duşuşyk taryhy maglumatlar bilen birlikde, hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin hem uly mekdep boldy. Elida Džawagirýan geljekki arhiwçilere resminamalaryň hatyra saklamakdaky we taryhy hakykaty goramakdaky ähmiýeti barada gymmatly maslahatlaryny berdi.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölümi.

Paýlaş

06/05/2026

HOŞALLYK

2026-njy ýylyň 25-30-njy apreli aralygynda Ö

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm