GOŞA BAÝRAMA BAGYŞLANDY

907
   Golaýda institutymyzyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Medeniýet ulgamynyň hukuk esaslary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlarydyr bagtyýar talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Bilşimiz ýaly, Watanymyzyň taryhynda uly ähmiýeti bolan Esasy Kanunyň kabul edilmeginiň we mukaddes tugumyzyň döredilmeginiň kalbymyzda aýratyn buýsanjy jemleýändigi bilen bir hatarda, döwlet nyşanlarymyz halkymyzyň sarsmaz bitewüligini, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Hut şu nukdaýnazardan, çykyş eden mugallymlarymyzdyr talyp deň-duşlarymyz bellenilýän goşa baýramyň baky jebisligimizi, ynsanperwerlik ýörelgelerimizi, dostluga ygrarlydygymyzy şöhlelendirýän buýsançly nyşanlarymyzdygyny aýratyn bellediler. Maslahatyň ahyrynda institutymyzyň döredijilik toparynyň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary gatnaşyjylaryň göwünlerini köp mertebe galkyndyrdy diýsek hakykatdan daş düşmeris.  
Arslan HAJYMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Dramaturgiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm