PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK WE EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY

691

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2025-nji
ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň
Bilim ministrligi we
Türkmen
döwlet medeniýet instituty tarapyndan ýokary
okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýaş fotožurnalistleriň
«Ýaşyl Zemin – abadan durmuş» atly halkara onlaýn döredijilik bäsleşigi geçirildi.



Türkmenistanyň
Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylygy
söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy
netijesinde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara
ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar we baý many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanda
üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet
syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar. Ýurdumyzda 2025-nji ýylyň
şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy bilen
baglanyşykly geçirilen bäsleşigiň maksatlaryny Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň,
hemişelik Bitaraplygymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala
aşyrýan il-ýurt bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň,
parahatçylygy goramak, tebigata, daşky gurşawa aýawly garamak, ekologiýa
abadançylygyny üpjün etmek boýunça tagallalarynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek,
talyp ýaşlaryň döredijilik zehin-ukyplaryny ýüze çykarmak, şahsyýet hökmünde
kemala gelmegine, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly nesiller
bolup ýetişmegine ýardam bermek, olarda eziz Watanymyza, merdana halkymyza,
milli medeniýetimize, baý we gözel tebigatymyza 
guwanjy, buýsanjy terbiýelemek, ýokary okuw mekdepleriniň operatorçylyk,
režissura, žurnalistika taýýarlyk ugurlarynda bilim alýan talyplaryň hünär
başarnyklaryny kämilleşdirmek ýörelgeleri kesgitledi. Döwrebap şertlerde
guralan onlaýn bäsleşik zehinli talyp ýaşlaryň fotosuratlary, fotoreportažlary
taýýarlamaga gyzyklanmalaryny artdyrmaga, degişli ugurda özara tejribe
alyşmaklaryny üpjün etmäge, aýratyn zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga,  döredijilik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, sanly
ulgam şertlerinde talyp ýaşlaryň elektron, onlaýn fotosergilerini guramagy
işjeňleşdirmäge ýardam etdi. Bäsleşik «Eko-reportaž:
Täze çözgüt», «Tebigat – gymmatlyk» hem «Howa we jemgyýet» diýen 3 üç ugur boýunça
geçirildi. Bu ugurlarda talyplar wajyp ekologiýa soraglarynyň  üstünlikli çözgüdine bagyşlanan (galyndylary
dolandyrmak, arassa energetika, bioköpdürlüligi dikeltmek) fotosuratlaryň
toplumyny taýýarlamak we tekstde suratlandyrmak, tebigy mirasyň gözelligini we
ony goramagyň zerurlygyny görkezýän ýekelikdäki kadrlary, portretleri (çeper
fotografiýa, peýzaž, makro) surata düşürmek, howanyň üýtgemeginiň toparlaryň
ýaşaýşyna täsiri, adamlaryň uýgunlaşma strategiýalaryny görkezýän fotosuratlar
toplumyny taýýarlamak boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige 20-den köp ýokary okuw
mekdebinden 40-dan gowrak talyp gatnaşdy. Olaryň 12-si daşary ýurt ýokary okuw
mekdepleriniň talyplary bolup, bäsleşikde adamzadyň umumy maksatlary bolan
tebigaty goramak we bu haýyrly işi wagyz etmek bilen baglanyşykly, Zeminde
parahatçylyk, şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň gözel künjekleri, baý faunasy
we florasy, ajaýyp durmuşy bilen dünýä tomaşaçylaryny tanyşdyrýan
fotosuratlaryň sergisi görkezildi. Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw
mekdepleri bilen birlikde, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň,
Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan ýaly doganlyk döwletleriň ýokary okuw
mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.



          Halkara
onlaýn bäsleşik Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylygy söýüjilik syýasatynyň,
abadançylyk, dost-doganlyk ýörelgeleriniň bütin dünýäde dabaralanmagynyň
nobatdaky subutnamasydyr.



 



Sähragül JANMÄMMEDOWA,



Türkmen döwlet medeni institutynyň



Ylym bölüminiň başlygy. 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm