TÄZE ÝYLYMYZ ROWAÇLYKLARA BESLENSIN!
380Bitaraplyk biziň parahat durmuşymyzyň, bagtyýar ömrümiziň berk binýadydyr. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanmagym meni has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň medeniýetimize, sungatymyza berýän ünsi we goldawy netijesinde biz eşretli durmuşda ýaşaýarys, joşgunly zähmet çekýäris, ajaýyp sahnalarda çykyş edýäris, täsirli keşpleri döredýäris.
Men Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar raýaty, özümi şeýle sylaga mynasyp gören Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn.
Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaç bolsun.
Täze 2026-njy ýylymyz täze üstünliklere beslensin!
Aşyrmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Halk artisti,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
uly mugallymy.




