AÝDYŇ MAKSATLARYŇ GÖZBAŞY

416
   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bu – maksada okgunly ýaşlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan döwri. Ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýän döwri. Ynamly we yhlasly ädimleriň ýeňişli menzillere ýetirýän döwri…
Şu hakykat ýaşlaryň durmuşyndan aýan bolýar. Men şol bagtdan paýly ýaşlaryň biri bolandygyma diýseň begenýärin. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň magistr maksatnamasy boýunça okuwa kabul edilmegim durmuşymda täze, beýik menzillere ýol açdy. Saýlap alan hünäriň boýunça alan bilimiňi has-da artdyrmak üçin mümkinçilikleriň döredilmegi, ylym-bilim ulgamynda ýaşlaryň  ornunyň has ýokarlanmagynyň esasy şertidir. Hut şonuň üçin hem, bu meniň  üçin tolgundyryjydyr. Halypa mugallymlarymdan öwrenenlerimi tejribede özleşdirmäge iň amatly pursatlaryň başlanmagy täze arzuwlara hem ganat berýär.   
   Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň üns merkezinde saklaýan halypa-şägirtlik ýoly biz – ýaşlaryň geljek üçin aýdyň maksatlarynyň gözbaşydyr. Ilkinji gadam basan ylym-bilim ojagymda magistr maksatnamasy boýunça okuwymy dowam  etdirmegim bilen durmuşymda täze arzyly sahypalar açyldy. Watanymyzyň geljekki ösüşlerine saldamly goşandymyzy goşmak  ugrunda okamak, zähmet çekmek biziň borjumyz diýip düşünýärin. Bu ugurda bilim aljak ähli deň-duşlaryma hem üstünlik arzuw edýärin. 
   Goý, ýaş nesilleriň ylym-bilim derejesini Watanymyzyň ylym-bilim kuwwaty hasaplap, ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

Kerim ATÇAPANOW,
Türkmen döwlet medeniýet
 institutynyň magistri.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm