Kadaly iýmitleniň!

1330
Pasyl çalşyp, howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremek mümkinçiligi hem artýar. Olardan goranmak üçin bedeniň immun ulgamynyň kesele garşy durnuklylygynyň ýokary bolmagyny gazanmaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Sepgit döwri saglygymyzy berkitmek, özümizi dürli kesellerden gorap saklamak jogapkärçiligimizi has-da artdyrýar. Islendik adam her paslyň aýratynlyklaryna görä, oňa uýgunlaşmaga çalyşýar. Bu hadysa bedeniň immun, madda çalşygy ulgamlarynyň işjeň gatnaşmagynda amala aşýar. Güýz paslynda hem adamlar dürli ýokumlara, mikroelementlere baý önümleri ýeterlik mukdarda iýmelidigini ünsden düşürmeli däldirler. Çünki bu döwürde howanyň salkynlamagy netijesinde günüň işjeň hereket bilen geçýän wagtynyň dowamlylygy-da artýar. Dürli beden maşklary ýa-da  ýazky meýdan işleri ýa-da zähmetiň beýleki görnüşleri bilen baglylykda hem adam bedeni her gün ýeterlik güýç-kuwwat toplamaly. Ene topragymyzda bitýän miwelerden we gök önümlerden taýýarlanan milli tagamlar, dürli işdäaçarlar, bakja önümleri bedenimizi gerekli mukdarda peýdaly maddalar bilen üpjün edýär. Kakadylan miweler goşulyp içilýän gök çaý adamlaryň köp isleg bildirýän esasy içgileriniň biridir.

Türkmenistanyň Saglygy
goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň Saglygy goraýşyň
habarlar merkeziniň habarlarynyň esasynda taýýarlandy

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm