ÝYLLAR SERPAÝLY GELÝÄR

1062
   Hawa, ajaýyp Diýarymyzda ýyllar serpaýly gelýär hem-de ýatda galyjy, göwün joşduryjy wakalary bilen hakydalarymyza ýazylýar. 2023-nji ýyl hem taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. Şöhrata beslenen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýurdumyzda ýaşlaryň durmuşynda aýratyn mazmuna eýe bolan wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Ýylyň ahyrlap barýan günlerinde geçirilen tele söhbetdeşlik hem şol wakalara bagyşlandy. 2023-nji ýylda ýurdumyzda “Akylly şäher” şäher-gurluşyk  taslamasy durmuşa geçirilip, dünýäniň döwrebap şäherleriniň hataryna türkmen Diýarynda gurlan ýene bir şäher goşuldy. Üstümizdäki ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara ýaşlar forumy geçirildi. Noýabr aýynda bolsa, Mary şäherinde, “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” üstünlikleri bizi täze işlere we döredijilikli başlangyçlara ruhlandyrýar. Ýurdumyzda 27-nji dekabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýaşlar forumy hem bagtdan ýürekleri joşgunly ýaşlaryň pikirlerini paýlaşmaga uly mümkinçilikleri açar diýip pikir edýäris. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” şanly üstünliklerine bagyşlanan tele söhbetdeşlige gatnaşyjylar hem şolar hakynda ynamly   bellediler. “Ýaşlyk teleýaýlymy üçin ýazgy edilen bu söhbetdeşligi institutyň talyby Jemal Hoşgeldiýewa alyp bardy. Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Sähragül Janmämmedowanyň, ýaş alym Gülşat Pirjanowanyň  täsirli gürrüňleri tele tomaşaçylara hem ýakymly täsir eder diýip ynanýarys. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlaryny aýtdylar. Täze ýyl baýramçylygy bilen gutladylar.

Pirjanowa Gülşat 
Türkmen döwlet medeniýet 
Institutynyň Syýahatçylyk 
fakultetiniň mugallymy

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm