ÄNEW AK BUGDAÝYŇ WATANY

1555
   “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly ýurdumyzyň medeni ösüşinde möhüm wakalaryň giňden geçirilýän ýyllaryň birine öwrüldi. Şol möhüm wakalaryň içinde Änew şäherine 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” derejesiniň berilmegi aýratyn bellärliklidir. Däp bolşuna görä, Türki medeniýetiniň halkara guramasy her ýylda gurama agza ýurtlaryň bir şäherini ýylyň medeni paýtagty hökmünde yglan edýär.  Hemmämize, taryhdan belli bolşy ýaly Änew ak bugdaýyn Watany hasaplanylýar. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-yň bilelikde guramagynda Änewde halkara derejesinde köpsanly medeni çäreleriň, ylmy maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. TÜRKSOÝ-yň şu ýylda Änew şäherini “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmegi türkmen halkynyň milli mirasyna we medeni gymmatlyklaryna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasy boldy.
   3-nji martda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda halypa mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda Änewde ýerleşýän Orta asyr binagärçilik sungatynyň naýbaşy nusgalarynyň biri hasaplanylýan Seýit Jemalletdin ýädygärlikler toplumyna we Türkmenistanyň “Milli Ak bugdaý” muzeýine gezelenç guraldy. Gezelenjiň dowamynda talyplar Watanymyzyň taryhy bilen baglanyşykly köpsanly täze maglumatlara eýe boldular. Örän täsirli we ýatda galyjy bolan bu gezelenç ýaşlarymyzyň milli taryhymyz hakyndaky bilimlerini artdyrmakda, olary hakyky watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde alnyp barylýan çuňňur ähmiýetli işleriň netijesidir.
   Ýaşlara okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly ýurt baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, medeniýetiň we sungatyň hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, alyp barýan il bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Maral Hojagulyýewa 
Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý
 işi kafedrasynyň müdiri, uly mugallym

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm