TALYPLYGA KABUL EDILEN ÝAŞLARYŇ ÝÜREK BUÝSANJY

968
Gurbanmuhammet Täşliýew:
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda meniň durmuşymda iň uly arzuwym hasyl boldy. Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak  taýýarlyk ugrunyň bagtyýar talyby bolmak bagty bu gün maňa-da miýesser etdi. Men çagalygymdan sahna hem aýdym-saz sungaty bilen içgin gyzyklanýaryn. Berkarar Watanymyzda geçirilen bäsleşiklere gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp boldum. Biz – ýaşlara Garaşsyz Bitarap Watanymyzda döredijilik ukyplarymyzy açmaga iň ýokary şertler döredilýär, kiçijik üstünliklerimiz uly baýraklar bilen höweslendirilýär. Biz – bu gün Bitarap Watanyň bagtyýar ýaşlary! Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda meniň öz iň uly arzuwyma ýetip, talyp bolmagym tutuş maşgalamyzy begendirdi. Men şeýle belent bagt üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimden çykýan hoşallygymy aýdýaryn. Belent Mertebeli Milli Liderimiziň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyga beslensin!   
Gülşat Annamyradowa:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy taýýarlyk ugruna talyplyga kabul edilmegim durmuşymyň iň bagtly pursatyna öwrüldi. Men “Ýaşlyk” teleýaýlymynda birnäçe ýyl bäri alypbaryjy bolup çykyş edýärin, çagalar üçin el hünärine bagyşlanan telegepleşikleri taýýarlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda saýlan hünärim boýunça giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, talyplyk bagtyna eýe bolmagym göwün guşumy al-asmana göterdi. Men hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden alkyşlarymy aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyga beslensin!       

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm