BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANDY
919Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni şatlyga, begençli pursatlara beslenýär. Golaýda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli institutymyzyň mejlisler zalynda «Bilim we medeniýet ulgamlarynda dünýä tejribesi we innowasion tehnologiýalar» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat umumy mejlisden we iki bölümden ybarat bolup, onda çykyş edenler bilimi ösdürmekde tehnologiýanyň orny, kitaphana ulgamynyň ähmiýeti, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň taryhy ähmiýeti, ýaşlary terbiýelemekde nusgawy edebiýatyň ähmiýeti, ýaş talyp deň-duşlarymyzyň teatr sahnasyndaky kämil çykyşlary dogrusynda gyzykly gürrüň etdiler. Şeýle-de Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky tagallalar we olaryň amala aşmagy netijesinde nusgalyk işleriň waspy hakynda aýratyn bellenildi.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, esasan, talyplyk bagtyna eýe bolan talyplar döredilýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza müň keren alkyş aýtdylar.
Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň magistranty.