ARZUWYM HASYL BOLDY

833 Islendik zadyň mukaddeslige öwrülmegi üçin onuň ynsanyýet durmuşyna uly täsiriniň bolmagy zerur bolup durýar. Elgaraz, atamyň mugallym hem-de käte galam ýöredendigini, kitaphon bolandygyny, kakamyň mugallym hökmünde mekdep okuwçylaryna bilim berendigini buýsanç bilen belläp, men hem Türkmen döwlet medeniýet institutyny okap, dramaturgiýa hünärini ele alanymdan soňra, degişli ýokary okuw mekdebiniň magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň «Medeniýeti öwreniş» ugrunyň magistranty bolmak bagtyna miýesser boldum. Türkmen halkynyň «Ata kesbi — ogla halal» diýlenine eýerip, geljekki medeniýet işgärlerine bilim berip, mugallymçylyk kärini, galyberse-de, metbugat sahypalarynda ýurdumyzyň ösüşlerini öz eserlerimiň üsti bilen şöhlelendirmegi maksat edinýärin. Goý, her birimize ak arzuwlaryň hasyl bolýandygynyň şaýady bolmak miýesser etsin!



DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni uly şatlyga, şowhuna beslenýär. Muňa ýurdumyzyň gündelik durmuşyndaky ýetilýän belent sepgitlere göz aýlanymyzda hem şaýat bolýarys. Ine, men hem ýakynda ata Watanyny Kyblagähine deňäp, dünýä türkmenleriniň bagtyýarlygyny açyp görkezmek maksady bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hem-de «Türkmen dünýäsi» gazetiniň bilelikde yglan eden «Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz» atly döredijilik bäsleşiginiň hekaýa ýazmak ugry boýunça ýeňiji boldum. Muňa begenjimiň çägi ýok. Goý, biz ýaşlara giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň «Medeniýeti öwreniş» ugrunyň magistranty.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm