HOŞALLYK
11242026-njy ýylyň 25-30-njy apreli aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde geçirilen «Lazgi» halkara tans festiwalyna we onuň çäginde geçirilýän döwlet ýokary okuw mekdepleriniň horeografiýa ýolbaşçylarynyň III duşuşygyna gatnaşmak we ol ýerde dost-doganlyk konsertine tomaşa etmek bagty maňa-da miýesser etdi. Dabaranyň çäginde «Lazgi» festiwalyna gatnaşýan toparlar üçin guralan festiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Soňra her bir döwletiň medeniýetine we sungatyna degişli tans çykyşlar bilen festiwalyň birinji güni dowam etdi. Şol festiwalyň dowamynda döwlet ýokary okuw mekdepleriniň horeografiýa ýolbaşçylarynyň III duşuşygy has hem gyzgalaňly boldy. Biz hem şol ýokary derejeli halkara festiwalyň çäginde geçirilen duşuşyga gatnaşanymyza diýseň buýsandyk. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys, goý, olaryň janlary sag we alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Merdan ABAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Medeni guramaçylyk işi kafedrasynyň uly mugallymy.




