PÄK ZÄHMETIŇ MIWESI
122026-njy ýylda – «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryň, hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki möhüm ornuny beýan etmek, talyp ýaşlaryň halkara hukugy baradaky bilimlerini ösdürmek, döwlet dilini kämil derejede bilmekligini gazanmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hukuk öwreniş hünärinden beýleki hünärlerde okaýan talyplaryň arasynda geçirilen «Parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş: ýaşlaryň başlangyçlary» atly düzme ýazmak boýunça bäsleşiginde III orna mynasyp bolmak maňa miýesser etdi. Bu gün meniň üçin ýatdan çykmajak ajaýyp günleriň biridir. «Ýaşlar- Watanyň daýanjy» diýip, biz ýaşlara uly ynam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamyny ödäp, geljekde ylymly-bilimli, hünärli ýaşlaryň biri bolup, ata Watanymyzyň ösüşine mundan beýläk-de, öz mynasyp goşandymy goşjakdygyma ynandyrýaryn.
Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowan edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini talyp kalbymdan arzuw edýärin.
Belent sepgitlere ýetýän Diýaryň,
Ösüşine menem goşant goşaryn.
Ynam edýän Arkadagly Serdaryň,
Mydam ynamyny ödäp ýaşaryn.
Söýli MUHAMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
medeni miras fakultetiniň 3-nji ýyl talyby




