ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRÄLERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

154

     2026-njy ýylyň
23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynda şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilýän Türkmenistanyň
«Arkadag» futbol kluby bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr»
futbol toparynyň arasynda AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygyny
şöhlelendirmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşjak
ýörite habarçylar (media) toparynyň ýaş wagyzçy talyplary bilen sanly ulgam
arkaly nobatdaky okuw sapagy geçirildi. Oňa habarçylar (media) toparynyň
agzalary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Okuw sapagyny «H
alkara çärelerde
alypbaryjynyň ussatlygy
» atly tema
boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kino we teleradio sungatlary
kafedrasynyň uly mugallymy Gülbahar Kulowa alyp bardy. Mugallym öz çykyşynda
ýurdumyzda geçirilýän halkara we sport çäreleriniň ähmiýeti, ýaş žurnalistleriň
bu çäräni şöhlelendirmekdäki wezipesi, aýratynam, gepleşikleri taýýarlaýan
alypbaryjynyň hünär ussatlygyna degişli täsirli gürrüň berdi.



     Muhammetnazar HOJAMYRADOW,



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň



telewideniýe žurnalsitikasy



taýýarlyk ugrynyň 4-nji ýyl talyby.

Share this post

11/06/2025

Announcement

The Turkmen State Institute of Culture is implementing

Our partners:
Adress:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Tel. numbers:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm