WAGYZ-NESIHAT IŞLERI ÝAÝBAŇLANÝAR
304WAGYZ-NESIHAT IŞLERI ÝAÝBAŇLANÝAR
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça wezipelere, şeýle-de «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2026-njy ýylyň maý aýynyň 1-31-i aralygyndaky meýilnama» laýyklykda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirildi. Çärede jemgyýetçilik guramalarynyň, harby-hukuk edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler.
Kerwen ŞAMYRADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.




