DOST-DOGANLYK BINÝADY

228

          Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň saýasynda dost-doganlygyň mekany bolan bagtyýar Diýarymyz
agzybirlikli gatnaşyklary öňe sürýär. Ynha, biz hem Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň döredijilikli iş topary hökmünde ýakynda «Halkara teatr
birleşiginiň konfederasiýasy» jemgyýetçilik birleşmeleriniň halkara bileleşigi
tarapyndan 2026-njy ýylyň 30-njy martyndan 6-njy apreli aralygynda Belarus
Respublikasynyň Minsk şäherinde Halkara Akustika teatr mekdebi taslamasynyň
çäklerinde geçirilen okuw maksatly sessiýasynyň 3-nji tapgyryna gatnaşdyk.
Halkara teatr birleşiginiň konfederasiýasy – dünýäniň dürli ýurtlaryndaky teatr
guramalaryny, aktýorlary we sahna sungaty bilen meşgullanýan adamlary birleşdirýän
halkara guramadyr. Bu guramanyň esasy maksady teatr sungatyny ösdürmek,
ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we teatr işgärleriniň
arasynda tejribe alyş-çalşygyny ýola goýmakdyr. Şeýle çäreler arkaly dürli
medeniýetleriň wekilleri biri-biri bilen tanyşýar. Şeýle hem ýaş zehinleri
goldamak, täze aktýorlary we režissýorlary ýüze çykarmak konfederasiýanyň möhüm
ugurlarynyň biridir.



          Bize hem şeýle uly guramanyň
içinde bolup, Belarus Respublikasynyň teatrynyň sahnasynda çykyş etmek miýesser
etdi. Buýsanjymyzyň çägi ýok. Soňra bolsa diplom bilen sylaglamak dabarasy
geçirildi, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň adyndan gurama ýolbaşçylaryna
milli sowgatlar gowşuryldy. Bu okuw sapary bize durmuşymyzda ýatdan çykaryp
bilmejek pursatlarymyzy bagyş etdi. Belarus Respublikasynda okuw saparynda
bolmak bilen halkara medeni hyzmatdaşlyklaryñ barha pugtalandyrylýandygyna has
aýdyň göz ýetirdik. Şeýle döredijilikli okuwlaryň, çäreleriň  yzygiderli geçirilip durulmagy, dost-doganlyk
gatnaşyklarynyň has-da berkleşdirilmegine ýol açýar.



          Mundan beýläk hem, türkmen
halkynyň agzybirlikli hem dost-doganlykly gatnaşyklary asyrlardan-asyrlara uzap
gitmegini arzuwlap, bize şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän,
medeniýetimiziň we sungatymyzyň Hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza
köp sagbolsunymyzy aýdýarys!



 



Uzuk NOWRUZOWA,



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby. 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm