TÜRKMENISTANDA «TURKMENTRAVEL-2026» ATLY HALKARA SERGI WE MASLAHAT ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI

22

Türkmenistanda «Turkmentravel-2026»
atly halkara sergi we maslahat üstünlikli geçirildi. Bu iri halkara çäre
syýahatçylyk pudagynyň wekillerini, bilim edaralaryny hem-de ylmy
jemgyýetçiligi bir ýere jemläp, tejribe alyşmak, häzirki zaman tendensiýalary
ara alyp maslahatlaşmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança
boldy.



Bu halkara çäräniň
çäklerinde birnäçe möhüm ugurlar boýunça duşuşyklar, sapaklar, maslahatlar,
sergiler guraldy. Esasy orunlaryň birini syýahatçylyk sergisi eýeledi. Sergide
milli we daşary ýurt syýahatçylyk önümleri, innowasion çözgütler hem-de pudagyň
geljekki ösüş ugurlary görkezildi. Gatnaşyjylar özara işewürlik gatnaşyklaryny
ýola goýmak, öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmak hem-de öz taslamalaryny
tanyşdyrmak mümkinçiligine eýe boldular.



Bilim ugry aýratyn
ähmiýete eýe boldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň binasynda
syýahatçylyk pudagy boýunça hünär başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen ýörite
okuw (trening) geçirildi. Okuwyň dowamynda syýahatçylyk önümini döretmegiň
häzirki zaman çemeleşmeleri, marketing we sanlylaşdyrma meseleleri, şeýle hem
syýahatçylar bilen işleşmegiň amaly taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.



Çäräniň möhüm bölegi
hökmünde ylmy-amaly maslahat (konferensiýa) hem geçirildi. Onda durnukly
syýahatçylyk ösüşi, medeni mirasy gorap saklamak we etnoturizmiň
mümkinçilikleri boýunça ylmy çykyşlar diňlenildi. Gatnaşyjylar pudagy netijeli
ösdürmek üçin ylym, bilim we işewürligiň özara baglanyşygynyň möhümdigini
bellediler. Biz hem Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda badalga
berlen bu halkara maslahatda çykyş etdik we milli tejribelerimizi paýlaşdyk.



«Turkmentravel-2026»
çäresiniň geçirilmegi Türkmenistany syýahatçylyk üçin geljegi uly ýurt hökmünde
görkezdi hem-de ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ymtylyşlary
tassyklandy.



 



Arslan HOLJANOW,



Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň



Syýahatçylyk
kafedrasynyň müdiri, mugallym.



 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm