RAÝAT GORANYŞY BARADA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

34
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň  Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyşyna we adatdan daşary ýagdaýlarda taýýarlyk boýunça esasy çäreleriniň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda «Raýat goranyşyna we adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmäge taýýarlyk hem-de meýletinçilik işiniň gerimini giňeltmek» barada Türkmen döwlet medeniýet institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna gelen myhmanlar ýurdumyzda raýat goranyşy ulgamyna beýleki ulgamlar bilen bir hatarda güýçli üns berilýändigini bellediler. Türkmenistanyň raýat goranyşy ulgamynyň we adatdan daşary ýagdaýlar babatynda kabul edilen «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda», «Raýat goranyşy hakynda», «Adatdan daşary ýagdaý düzgüni hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlar çygryndaky çykaran kararlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanyşdyryldy hem-de adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmak we olardan goranmak boýunça çykyş etdiler. Şeýle-de çykyşyň dowamynda tebigy betbagtçylyklardan goranmak, ýer titremelerinde özüňi alyp barmagyň düzgünleri, güýçli ýelde, tozanly harasatlarda, güýçli ýagşyň ýagmagynda etmeli hereketleriň tertibi bilen tanyşdyryldy. Ýer titremesini öňünden bilip bolmaýandygyny aýtmak bilen, ýer titreme wagty özüňi rahat alyp barmak, dowula düşmezlik, howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek barada, ýangynlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri we goranmagyň usullary barada, adamyň sowuk-salalygy hem-de elektrik enjamlarynyň näsazlygy sebäpli ýangynlaryň döräp bilýändigi duýdurylyp, ýangynlaryň öňüni almak, olary söndürmek, ot söndüriji serişdeleri ulanmagyň düzgünleri we ýangynyň döränligi barada wagtynda habar berilmegi barada çykyş etdiler. Çykyş edenler wagyz-nesihata gatnaşyjylara işlerinde üstünlik, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Kerwen ŞAMYRADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
ilkinji Ýaşlar guramasynyň  başlygy. 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm