ÇAGALAR ÜÇIN DABARA
695Türkmen döwlet medeniýet institutynda Çagalary goramagyň halkara güni
mynasybetli estrada we sirk artisti, drama we kino aktýory hem-de beýleki
döredijilik ugurlarynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly şowhun
guraldy. Çagalaryň we ene-atalaryň tomaşa etmeginde guralan dabara diýseň özüni
çekiji boldy. Çagalara bagyşlanan her bir çäre abadan ýurdumyzda olaryň uly alada
bilen gurşalýandygyny görkezýär.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Ylym bölümi.




