«DÜNÝE DURDUGYÇA DURAR PYRAGY»

558
MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI DAŞARY ÝURT DILLERINDE «DÜNÝE DURDUGYÇA DURAR PYRAGY» ATLY ONLAÝN YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY

Ýakynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Dünýe durdugyça durar Pyragy» atly daşary ýurt dillerinde onlaýn ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Bu ähmiýetli çäre ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guraldy.
Döwrebap usulyýet esasynda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen onlaýn maslahat ýokary hem-de orta hünär medeniýet-sungat okuw mekdepleriniň öňdebaryjy mugallymlaryny we zehinli talyplaryny bir sanly meýdançada jemledi. Maslahatyň baş maksady – Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny daşary ýurt dillerinde öwretmek, şahyryň ynsanperwer we pelsepewi garaýyşlaryny dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek hem-de bu ugurda okuw-usulyýet tejribesini has-da kämilleşdirmekden ybarat boldy.
Maslahatyň resmi bölegi şahyryň çuňňur pelsepesine bagyşlanan täsirli wideoşekiliň görkezilmegi bilen başlandy. Soňra maslahatyň gün tertibine laýyklykda, iňlis we rus dillerinde taýýarlanan 7 sany mazmunly ylmy-döredijilik çykyşlary diňlenildi. Olarda Magtymguly Pyragynyň dünýä dillerindäki parahatçylyk şygarlary, ynsanperwerlik pelsepesi seljerildi we şahyryň nusgalyk keşbiniň kino sungatyndaky orny hakynda durulyp geçildi. Sungat ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna daşary ýurt dillerini okatmagyň iň döwrebap, innowasion usullary barada gyzykly maglumatlar paýlaşyldy. Beýik şahyryň ruhy mirasyndan ugur alyp, ýaş hünärmenleri watansöýüjilik, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti nygtaldy.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar geçirilen pikir alyşmalaryň örän netijeli we işjeň häsiýetde bolandygyny bellediler. Ýokary derejede geçen çäräniň netijesinde, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny daşary ýurt dillerinde dünýä ýüzünde wagyz etmek işlerini has-da güýçlendirmek hem-de ýokary we orta hünär medeniýet-sungat okuw mekdepleriniň arasyndaky onlaýn ylmy, okuw-usulyýet gatnaşyklaryny yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygy barada möhüm kararlar kabul edildi. Bu maslahat ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hünär we dostluk gatnaşyklarynyň barha berkeýändigini aýdyň görkezdi.

Maral MYRATLYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň mugallymy.

Поделиться

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm