YLYM – NETIJELI ÖSÜŞE ESAS
83Ýokary okuw mekdebini tamamlajak günlerimizde yhlasymyň myrat tapmagy meni ýene täze gözleglere ruhlandyrdy we döredijilik älemindäki höwesjeň ruhy dünýämiň hyjuwyna hyjuw goşdy, kalbymdaky minnetdarlygy we joşgunly duýgularymy sözler bilen beýan etmek mümkin däl. Çünki Hormatly Prezidentimiziň Şaserpaýyna eýe bolmak, onda-da talyp döwrüň şeýle bagta mynasyp bolup, ýokary okuw mekdebimiziň abraýyna at goşmak, ylym-bilim beren halypalarymyzyň bize bildirýän ynamyny ödemek deňi-taýy bolmajak iň datly duýgularyň biri!
Bu şaserpaý meniň üçin, diňe bir biz – ýaşlara berilýän ünsüň nyşany däl-de, eýsem eje hökmünde çagalarmyza görelde, perzent hökmünde hem enem-atamyň başyny göge diremekde uly buýsançdyr.
Watanymyzyň binýadynyň berkligine goşant goşjak ylymly-bilimli, aň hem ruhy taýdan kämil ýaşlary öňe çykarmakda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin Alym Arkadagymyza, Arkadagly Alym Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Ylym – netijeli ösüşe esas.
Täze açyşlara ruhlanýar ýaşlar.
Ýaş alymy bolmak beýik Watanyň,
Goýýar öňümizde maksatly borçlar.
Nursoltan DERÝAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.




