YLYM ÝOLUNDAKY ÝEŇIŞ
417Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamy
durnukly ösüşleri başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlaryň ylmy-barlag
işleri bilen meşgullanmagy, innowasion tehnologiýalary özleşdirmegi üçin ähli
şertler we giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýaşlaryň
arasynda geçirilýän nobatdaky Ýaş alymlar bäsleşiginde ýeňiji diýen belent ady
götermek meniň üçin diýseň uly buýsançdyr hem-de jogapkärçilikdir. Bu üstünlik
ýurdumyzda ylmyň ösmegine, sanly ulgamyň hem-de innowasiýalaryň önümçilige
ornaşdyrylmagyna goşjak ilkinji ylmy goşandymyň ýokary ykrarnamasydyr.
Ýurdumyzda düýpli ylmy barlaglary geçirmek,
öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur şertler
döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn
binýadynyň yzygiderli berkidilmegi ýaşlaryň häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk
ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ylymlar dünýäsine çuňňur
aralaşmaklaryna ýardam edýär. Ýaşlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça
gözlegleri alyp barmaklary, innowasion tejribeleri geçirmekleri, döredijilik
başarnyklaryny kämilleşdirmekleri döwletimiz tarapyndan giňden goldanylýar. Gazanylan bu ýeňişde maňa uly ynam bildiren hem-de goldaw beren mähriban ene-atamyň, ylmyň inçe
syrlaryny öwreden eziz halypalarymyň we bilim
ojagymyň zähmeti örän uludyr. Şonuň üçin hem, ylmy gözleglerimde hemişe ýardam
eden mähriban mugallymlarymyza çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.
Ýaş nesilleriň
ylym dünýäsine ynamly ädim ätmegine, döwrebap şertlerde ylmy açyşlary etmegine
hemişe goldaw berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun
aýdýaryn.
Mundan
başga-da, türkmen taryhynyň
entek açylmadyk sahypalaryny ylmy esasda öwrenmekde, ata-babalarymyzyň galdyran
mukaddes mirasyny geljekki nesillere ýetirmekde bar güýç-gaýratymy, zehinimi we
tejribämi gaýgyrmajakdygyma ynandyrýaryn!
Zibagözel
REJEPOWA,
Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň
4-nji ýyl talyby.




