Ýürek buýsanjy
258- Balyga suwuň zerur bolşy ýaly, ynsanyň hem ruhy dünýäsini gandyrmaga, onuň ýörejek ýoluny salgy bermäge bir zerurlyk, sebäp gerek. Ol zerurlyk bolsa adamyň ömrüniň manysyny kesgitlemäge, ýaşaýşyny gözelleşdirmäge ýol açýar. Ine, şeýle zerur gymmatlyklaryň biri-de ylym-bilimdir. Ynsanyň kämilligi, akyl-paýhasy hem ylym-bilim bilen hasyl bolýar. Ylym-bilim bahasyna ýetip bolmaýan gymmatlyk, ruhy hazynadyr.
Ylym-bilimiň zerurlygyna göz ýetiren her bir ynsan ilkinji gezek mekdep gapysyndan ätläp, bilim dünýäsine sary gadam goýýar. «Harplyk» kitabyndan başlanan ýol soňabaka durmuş menzillerine tarap uzalyp gidýär. Ynsan ilkinji ädimlerini ylym-bilim dünýäsinden başlaýar. Şeýdibem, ol ömrüň iň gyzykly, manyly günleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Döwletiň esasy binýadyny ylym-bilimde görýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň iň bir ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen ylym-bilim ojaklarynda okap bilim alýan bagtyýar talyplar döwlet hem-de dünýä derejesindäki geçirilýän ders, taslama bäsleşiklerinde, oýlap tapyjylaryň arasyndaky ýaryşlarda öňdäki orunlary eýeleýärler. Olaryň her bir üstünligi, ýeňşi ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny, mertebesini has-da belende göterýär.
Ylym-bilimi ähli baýlykdan zyýat görýän türkmen halky her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününi uludan baýram edýär. Bu baýram ylym-bilime teşne ýürekleriň baýramydyr. Her ýyl Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ylmyň hem tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça däp bolan bäsleşik geçirilýär.
Maňa hem 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaş mugallym, ýaş hünärmen hökmünde «Türkmen halkynyň edebi-medeni ýadygärliklerinde ahalteke bedewiniň keşbi» atly ylmy işim bilen Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Muňa meniň buýsanjymyň çägi ýok. Şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga, ylmy-döredijilik gözlegleri, seljermeleri geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza soňsuz alkyşlar aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli tutumlary rowaç alsyn!
Goý, ylym ýolunda uly üstünlikleri gazanýan ýaş nesilleriň gadamlary şowly bolsun! Baýramyňyz gutly bolsun!
Ýalkapberdi ANNAMYRADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy:




