YLMY BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI - 2026

299

2026-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1
mugallymy, 4 talyby Türkmenistanyň
ýaşlarynyň arasynda
ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň
ýeňijisi boldular. Talyplar sport klubunyň ýokary derejeli türgenleşdiriji
mugallymy Ýalkapberdi Annamyradow 1-nji orna, Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Nursoltan
Derýaýewa 1-nji orna, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Suleýman Nepesow 2-nji orna, Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl
talyby Zibagözel Rejepowa 3-nji orna, Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Jeýhun Durdyýew
3-nji orna mynasyp boldy.



«Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda ylma höwesli ýaşlaryň üstünlikleri Belent Mertebeli
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesidir.
Şaserpaýyna mynasyp bolan ýaşlaryň kalby hyjuwdan, täze başlangyçlara höwesden,
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşdan doly. Olaryň
buýsanja beslenen ýürek sözleri aýdylanlary doly tassyklaýar.



 



Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň



Ylym bölümi. 

Paýlaş

25/06/2026

BUÝSANÇNAMA

Meniň ylma bolan höwesim çagalyk döwrü

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm