YLYM ULGAMYNDAKY ÖSÜŞ
167Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym bilim, medeniýet ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşlarynda talyp ýaşlara ata Watanymyzyň taryhyny, medeni mirasyny içgin öwrenmekleri hem-de döwrebap ylmy işleri alyp barmak üçin zerur şertleriň döredilendigini nygtaýar. Şeýle uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, «Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşige «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary Horezmşalar-Anuşteginler türkmenleriniň döwletini öwrenmekde ylmy çeşmedir» diýen ylmy iş bilen gatnaşyp, 3-nji orny eýeläp, Hormatly Prezidentimiziň şaserpaýyna mynasyp bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Muňa meniň begenjimiň çägi ýok, sebäbi ýaşlara şeýle uly ynamyň bildirilýän ýurdunda okamak, öwrenmek, döretmek bagtdan nyşandyr. Ylmy işime ýokary baha berilmegi meni täze ylmy gözleglere ruhlandyrdy. Talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge we medeni-döredijilik işleri bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri, elmydama rowaçlyklara beslensin!
Jeýhun DURDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
kitaphanaçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.




