YLMY BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI - 2026
1732026-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1
mugallymy, 4 talyby Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda
ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi boldular. Talyplar sport klubunyň ýokary derejeli türgenleşdiriji
mugallymy Ýalkapberdi Annamyradow 1-nji orna, Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Nursoltan
Derýaýewa 1-nji orna, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Suleýman Nepesow 2-nji orna, Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl
talyby Zibagözel Rejepowa 3-nji orna, Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Jeýhun Durdyýew
3-nji orna mynasyp boldy.
«Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda ylma höwesli ýaşlaryň üstünlikleri Belent Mertebeli
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesidir.
Şaserpaýyna mynasyp bolan ýaşlaryň kalby hyjuwdan, täze başlangyçlara höwesden,
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşdan doly. Olaryň
buýsanja beslenen ýürek sözleri aýdylanlary doly tassyklaýar.
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň
Ylym bölümi.




