BUÝSANÇNAMA

85

Meniň ylma bolan höwesim çagalyk döwrümden başlandy. Dürli gadymy dillerdäki
çeper kitaplary okamagy gowy görýärdim. Magtymguly Pyragynyň dünýäsi meni şeýle
bir söz bilen gurşap gaplady welin, men köp ýyllaryň geçenini hem aňmandyryn.
Meni ylma we döredijilik dünýäsine içgin aralaşdyran şol jadyly söz, «ýel»
sözüdi, men bu ýekeje sözden ylmy iş ýazmaly diýen karara geldim we wagty
ýitirmezden başladym. Aradan köp ýyllar geçdi, başlangyç hünär mekdebini, orta
hünär okuw mekdebini tamamladym, emma ylmy işim entek meniň göwnüme jaý däldi.
Soňra maňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby bolmak bagty miýesser
etdi. Men bu ýerde has-da kämilleşdim, täze döredijilikli baý pikirler bilen
işimi has-da tapladym. «Maslahatly don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň tejribeli halypa mugallymlaryna sala salyp,
maslahatlaşyp, olaryň belliklerini we tekliplerini nazarlap, gymmatly
pikirlerini işime siňdirmäge çalyşdym. Käte döredijiligiň gyzgalaňyndan tä
daňdana çenli ýüzlerçe kitaplary agtaryp, gözleýän netijeli maglumatlaryňy
tapýançaň ukusyz geçen günler hem az bolmaýar. «Çekseň zähmet, ýagar rehmet»
diýilişi ýaly, maňa şu ýylda ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça
bäsleşikde ýeňiji bolup, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
şaserpaýyna eýe bolmak bagty nesip etdi. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, umumadamzat ähmiýetli alyp
barýan işleri rowaçlyga beslensin:



Oguzlardan   dowamat, 
Pyragynyň paýhasy,



Keşdelenip   dokalmyş, 
milli   türkmen tahýasy.



At - myrada  sapadyr, 
ol  türkmeniň nagrasy.



Eýýamlaryň   ahtary, 
beýik   türkmen namamyz.



Şöhrat   size, 
şan   size,  Gahryman Serdarymyz!



 



Süleýman
NEPESOW,



 Türkmen döwlet medeniýet institutynyň



teatr  sungaty fakultetiniň



3-nji
ýyl talyby.



 

Paýlaş

25/06/2026

BUÝSANÇNAMA

Meniň ylma bolan höwesim çagalyk döwrü

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm