BAÝRY ALYMY ÝATLAP

7755
Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanda ilkinji teatr sungatyny öwreniji alym Guwanç Keriminiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyk türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny ösdürmäge goşant goşan şahsyýetleriň döredijiligini düýpli öwrenmek baradaky sargytlaryndan ugur alnyp guraldy. Oňa Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň baýry mugallymy Aşyrmyrat Gurbanow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, “Gaýrat” medalynyň eýesi, Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň bölüm müdiri Hudaýberdi Bäşimow, alymyň gyzy – taryh ylymlarynyň kandidaty, Ý. Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Jennet Kerimi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölüminiň başlygy Sähragül Janmämmedowa dagy gatnaşdylar. Duşuşygy Türkmen döwlet medeniýet institutynyň magistranty Annasoltan Nunnakowa alyp bardy. Ol ýerde berlen gürrüňler, sowal-jogaplar talyp ýaşlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize hem Gahryman Arkadagymyza medeniýete we sungata goýýan beýik sarpalary üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 
Ylym bölümi.   

Share this post

11/06/2025

Announcement

The Turkmen State Institute of Culture is implementing

Our partners:
Adress:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Tel. numbers:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm