BEÝIK ÝEŇŞE BAGYŞLANDY

873
Ýaňy-ýakynda institutymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli «Watan gahrymanlarynyň edermenligi — nesillere nusga» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa institutymyzyň mugallymlarydyr bagtyýar talyp ýaşlary, şeýle-de ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň halypa mugallymlary gatnaşdylar. Çykyş edenler esasan, adamzadyň taryhynda gazaply uruşlaryň biri bolan Beýik watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy biz ýaş nesiller üçin unudylmajak mertlikdigini nygtaldy. Hususan-da, türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragynyň «Gahryman» diýen belent ada mynasyp bolandygy, galyberse-de Watanymyzyň azatlygyny, abadançylygyny goramak ugrunda edermenlik görkezen pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygyny we olaryň atlarynyň «Hatyra», «Şöhrat» atly neşirlerde ebedileşdirilendigini buýsançly bellediler. Duşuşygyň ahyrynda ýaýbaňlandyrylan birnäçe aýdym-sazly çykyşlar, oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm