GÜÝZÜŇ ŞAHYRY GURBANNAZAR EZIZOWA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK AGŞAMY

173

Türkmen döwlet medeniýet institutynda
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, şahyr, dramaturg Gurbannazar Ezizowyň doglan
gününiñ 85 ýyllygy mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi. Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz ata Watanymyzyň ähli babatdaky ösüşler bilen dowam
edýär. Şol ösüşleriň diňe öňe ilerlemeginde medeniýetiň, sungatyñ, edebiýÿatyň
möhüm ähmiýeti bar. Gurbannazar Ezizowyň türkmen edebiýatynda goýan özboluşly ýoly
ýaşlar üçin mekdep bolup durÿar. Çünki, şahyryñ baý edebi mirasy hormata
mynasyp.



Institutyñ uly mejlisler zalynda
geçirilen döredijilik agşamyna hormatly myhmanlar, institutyň halypa
mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik agşamynyň başy G. Ezizowyň
gyzy Ýazgül Ezizowanyň şahyr hakynda tolgundyryjy hem täsirli ýatlamalary bilen
başlandy. Institutyň halypa mugallymy Tirkeş Sadykowyň, Ylym bölüminiñ başlygy
Sähragül Janmämmedowanyň, hormatly myhman, Magtymguly adyndaky Milli sazly
drama teatrynyň režissýory Mekan Jumabaýewiň çykyşlary hem döredijilik agşamyna
gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Dabarada şahyryñ döredijilik dünýäsi
esasynda taýýarlanan aýdym-sazlara, çeper okaýyşlara, edebi-sazly kompozisiýalara
aýratyn ähmiýet berildi.



Halypa mugallym, Türkmenistanyñ halk
artisti Näzik Gurbanowanyň okamagynda ýaňlanan goşgy setirleri, Türkmenistanyň
halk artisti Tirkeş Mätnazarowyň aýdymlary, Magtymguly adyndaky Milli sazly
drama teatrynyň sahna oýnundan görkezen parçalary diýseň ýatda galyjy boldy.



 



Annasoltan NUNNAKOWA,



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň magistranty.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm