HALKARA ÝAŞULULAR GÜNI
359Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gül Diýarymyz günsaýyn
ösüşlere, belent sepgitlere ýetýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda
Garaşsyzlykdan galkynan, Bitaraplykdan binýatly halkymyzyň bagtyýar durmuşda
ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Şol ajaýyp
mümkinçiliklerden peýdalanýan her bir raýatymyzyň ýüregi buýsançdan, kalplary
joşgundan doly.
«Edebiň ýagşysy – ulyny syla» diýýän türkmen
halkymyz ýaşulularyň sarpasyny belent tutýar we olar üçin dürli ýeňillikler hem
döredilýär. Elbetde, ýaşuly neslini sylaýan, hormat goýýan halk bagtlydyr,
agzybirdir. Sebäbi ýaşuly nesil öz ýaşaýan döwründe durmuş mekdebinde taplanyp,
ýaş nesilleriň arasynda manyly ýaşaýşyň tärlerini, zähmetsöýerligi, mertligi,
edermenligi, jebisligi, hünärli, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerini ündäp,
parasatly pähime ýugrulan öwütleri, maslahatlary bilen görelde bolýarlar.
Aýratyn hem, il içinde ýokary adamkärçiligi bilen görelde bolýan ýaşululara «Türkmenistanyň
hormatly il ýaşulysy» diýen mertebeli atlaryň dakylmagy olaryň buýsançly
başlaryny göge ýetirýär.
Ynha, toýlary-toýlara,
baýramlary-baýramlara ulaşýan ata Watanymyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda
Halkara ýaşulular güni giňden bellenilýär.
Bu baýramçylyk biziň gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy görkezmek bilen
ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini ýokary galdyrmak ýaly
ýörelgelerimiziň ýene bir subutnamasydyr. Bu baýramçylyk güni mynasybetli şu
ýylyň 1-nji oktýabrynda biziň bilim ojagymyz bolan Türkmen döwlet medeniýet
institutymyzda hem Halkara ýaşulylar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk
dabarasy geçirildi. Institutymyzyň bagtyýar talyplarynyň ýerine ýetiren
çykyşlary gatnaşyjylaryň göwünlerini galkyndyryp, olarda ýatdan çykmajak bagtly
pursatlary galdyrdy. Ýene-de dabaranyň dowamynda hormatly halypalara, ýaşuly mugallymlara we işgärlere Kärdeşler
arkalaşygy guramasynyň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary hem gowşuryldy.
Bizi şeýle ajaýyp
bagtly, bagtyýar döwürde, toýly günleriň gujagynda ýaşadýan türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Hormatly il ýaşulymyz Gahryman Hajy
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman
bolsun!
Bahtygül TAGANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
dramaturgiýa taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby.