Sylaglar gowşuryldy

1640
Ýurdumyzyň durmuşynda iýun aýynda köpsanly taryhy ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Şolaryň esasylary, ýurdumyzda Medeniýet we sungat hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, dünýäde “akylly şäher” şähergurluşyk taslamasyna laýyklykda bina edilen Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bilen baglanyşyklydyr. Şol çärelere ýurdumyzyň bilim hem-de döredijilik ulgamynyň wekilleri hökmünde institutymyzyň talyplary hem-de mugallymlary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Iýun aýynyň 8-ine institutda geçirilen sylag gowşurylyşyk dabarasynda ylym-bilimi ösdürmek işine özüniň goşandyny goşýan, şeýle-de döwlet çärelerinde tapawutlanan  halypa mugallymlary hem-de talyplary  hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bu dabara çäre 2022–2023-nji okuw ýylynda bilim-terbiýeçilik, döredijilik ugrunda gazanylanlaryň hem mynasyp dowamyna öwrüldi. 
      Institutyň ýolbaşçylary tarapyndan tapawutlanan halypa mugallymlara we talyplara sagbolsun aýdyldy. Bu dabaraly çäre döredijilik ugurly okuw mekdebimiziň agzybirlikdäki işine täzeden badalga berdi. Ders we taslama olimpiadalarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini täze işlere ruhlandyrdy. 

Çepbäýew Annaçary 

Medeni guramaçylyk kafedrasynyň müdiri,

 uly mugallym 


Share this post

11/06/2025

Announcement

The Turkmen State Institute of Culture is implementing

Our partners:
Adress:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Tel. numbers:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm