«HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» MYNASYBETLI ÇÄRELER

2620

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli maslahatlardyr
dabaraly çäreler ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda, kärhanalarynda hem giňden
ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle ýygnanyşyklar Garaşsyz Watanymyzyň halkara
hyzmatdaşlygynyň ösüşlerindäki ornuny açyp görkezmekde hem-de uludan
dabaralandyrmakda uly mazmuna eýe bolýar. Ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet medeniýet
institutynda geçirilen  ««Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» – göwünleriň joşguny» atly dabaraly çärede  parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň
rowaçlandyrylmagynda  milli
medeniýetimiziň orny hakyndaky söhbetlere giň orun berildi. Bu maslahata
institutyň halypa mugallymlary B. Annabaýewa, M. Hojagulyýewa we H. Gurbanow
gatnaşdylar hem-de maddy we ruhy medeniýetiň dünýä ýaýylmagynda bu ýylyň
aýratynlygy barasynda täsirli çykyş etdiler. Gyzykly söhbetleriň arasynda
institutyň bagtyýar talyp ýaşlary 
aýdym-sazlar bilen çykyş edip, olaryň ýürek joşguny hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri bilen utgaşdy.



         Çäräniň
dowamynda institutyň aýdym-saz toparynyň ýolbaşçysy, medeni guramaçylyk işi
kafedrasynyň uly mugallymy M. Abaýew, režissura kafedrasynyň mugallymy R.
Hojanyýazow hem çykyş etdiler.



         «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli guralan bu çäre  hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň
dabaralarynyň hem başlangyjyna öwrüldi. Şeýle hem ýurdumyzda milli medeniýetimiziň
wagyz edilmeginde alnyp barylýan işleriň mynasyp dowamydyr.



 



Mahym
ESENOWA,



Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň



kitaphanaçylyk
fakultetiniň kitaphana maglumat işleri



taýýarlyk
ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm