DOST - DOGANLYK BERKEÝÄR

500

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolup, dünýä ýurtlary
bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan
döwletimiz dünýä halklarynyň köpdürli medeniýetiniň, syýahatçylygyň, şeýle hem
ruhy ýakynlygyň kämilleşmegine goşant goşjak halkara medeni çäreleriň,
syýahatçylyk sergileriniň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şeýle
ýokary derejeli syýahatçylyk sergileriniň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam
Respublikasynyň bilelikdäki 2-nji syýahatçylyk amaly haşam sungatynyň sergisi
hem ähmiýetli bolup durýar.



Türkmenistan syýasy we ykdysady
taýdan asuda, ekologik babatynda arassa tebigatly we taryhy-medeni
nukdaýnazardan gadymy taryha eýe bolan ýurtdur. Halkara syýahatçylykda edilýän
talaplaryň arasynda syýahat ediljek ýurtda dünýäniň dürli ýerlerinden gelýän
syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň howpsuzlygynyň kepili bolan parahatçylygyň we
asudalygyň bolmagy, ekologik babatynda arassa howasynyň, içmäge ýaramly arassa
suwunyň, syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň
bardygyny bellemelidir. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň umumy
medeni we taryhy kökleri şeýle hem umumy serhedi bar. Iki ýurduň hem çäginde
syýahatçylary, jahankeşdeleri özüne çekjek köpsanly taryhy ýadygärlikler
saklanyp galypdyr. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň we kakasy
Döwletmämmet Azadynyň guburlary hem Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý diýen
ýerinde ýerleşendigini bellemek gerek. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklary has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.



Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn
ösdürmekde, medeniýetimizi  sungatymyzy,
şeýle hem syýahatçylygy galkyndyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň alyp barýan döwletli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!



 



Güljahan SAPARDURDYÝEWA,



Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň



Syýahatçylyk fakultetiniň talyby.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm