GADYMY PARFIÝA HAKYNDA MASLAHAT

61

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň Hak howandary Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, ýurt ähmiýetli
işleri alyp barmagynda, gözel Diýarymyz pajarlap ösýän döwletleriň hatarynda köpsanly
öňegidişlikleri gazandy. Bagtyýar zamanada 
gül-gülzarlyga beslenen Watanyň at-owazasy dünýä ýaň salýar.
Parahatçylygyň we ynanyşmaklygyň mukamy ýürekleriň buýsanjydyr. Geçmişi şöhrata
ýugrulan Diýaryň, geljegi hem beýik bolmalydyr! Ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet
medeniýet institutymyzda taryhymyza bagyşlanan «Dünýä ösüşleriň taryhy
gazananlarynda Parfiýanyň orny» atly seminar maslahat geçirildi, ýokary okuw mekdepleriniň
mugallymlary bu maslahatda  täsirli
çykyşlary etdiler. Bu maslahatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Y. Şamämmedow,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazyň taryhy
kafedrasynyň mugallymy G. Ataýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň mugallymy A. Nurmämmedow, Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Ý. Ýusupowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly
mugallymy O. Sopyýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk
kafedrasynyň uly mugallymy B. Ataýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
alymlyk derejesine dalaşgäri B. Gurbanowa yzygiderlikde çykyş etdiler.



  
       Olar «Gadymy Parfiýa
döwletiniň taryhynyň öwrenilişi», «Nusaý ritonlarynda saz gurallarynyň
şekillendirilişi», «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň «Bürünç
zamanynyň medeni ojaklary» atly bölüminde Nusaý şäheriniň beýany», «Nusaý
ritonlary», «Türkmen edebiýatynda Parfiýa döwletiniň taryhy wakalarynyň beýan
edilişi», «Parfiýa – geçmişiň hakydasy», «Parfiýa medeniýetine mahsus bolan
şekiller we nagyşlar» atly temalarda 
çykyş edip, talyplarda uly täsir galdyrdylar.



          2007-nji
ýylda Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan Gadymy Nusaý  dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojagydygyny
ykrar etdi. Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý geçmişde Gündogaryň we
Günbataryň medeni ösüşini birleşdiriji bolup, maddy we medeni-ruhy
gymmatlyklaryň alyş-çalyş edilmeginde uly ýardam beripdir.  Umuman aýdanyňda, Parfiýa döwleti buýsançdan
doly geçmişimizdir.



Uzuk Nowruzowa,



Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň



 teatr sungaty fakultetiniň, drama režissurasy



 taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby,



Kärdeşler arkalaşygynyň talyp hakynyň eýesi

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm