“Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly IV Halkara festiwal

983
   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bereketli altyn güýze dolan günleri taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini noýabr aýynyň 14–16-sy aralygynda halkymyzyň yhlasyndan güýç  alan Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan ak şäherimiz Aşgabadyň goýnunda geçirilen “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly IV halkara festiwal aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Festiwala myhman bolup, Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Tatarystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň teatr sungatynyň wekilleri özleriniň sahna eserleri bilen geldiler. Halkymyzyň myhmansöýerlik däplerinden ugur alyp, gyzykly geçen görkezilişlerden soňra, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine myhmanlar üçin ýörite gezelençler hem guraldy. Şunluk bilen myhmanlar gezelenjiň ýatda galyjylygyny we täsirliligini topragymyzyň keramat – keremdigini, halkymyzyň dünýä medeniýetine we sungatyna goşan ägirt uly goşandy barada özleriniň buýsançly çykyşlarynda joşgun bilen bellediler.
   Festiwalyň dabarasy dag aşyp, gyzykly pursatlar gyzgyny bilen köpçülige ýetirildi. Türkmen döwlet medeniýet institutymyzyň talyplary hem gatnaşdylar. Goý, şeýle dost-doganlyk festiwallaryň yzy gür bolsun!

Süleýman Haýdarow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Teatr sungaty fakultetiniň Dramaturgiýa
taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm