Halkara jaz güni bellenildi

1348
30-njy aprelde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara jaz güni mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Bu dabara hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sungata aýratyn sarpa goýulýandygynyň we milli medeniýetimizde halkara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. 

Häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän aýdym-saz sungaty ösüşiň täze derejesine çykdy. Asyrlaryň dowamynda döwürleri we nesilleri baglanyşdyran sungat döwrüň esasy ruhy gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Bellenilişi ýaly, sungat ussatlarynyň ruhy döredijiliginiň gudraty has belentdir. Şeýlelik-de, çeper döredijilik zehini özüniň tutuş durky bilen ýüze çykyp, gözellik dünýäsiniň özboluşlylygyny alamatlandyrýar. Halkara jaz güni 2011-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan döredildi. Bu sungat baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde guralan konsert «Mukam» skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde Aleksandr Krasotowyň «Jaz hakynda ýatlama» atly sazy bilen açyldy. Soňra «Joşgun», «Şatlyk sazy» atly saz eserleri ýaňlandy. Konsertde Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow bilen sazandalar Igor Şewsow hem-de Kakageldi Gurbanmyradow daşary ýurt sazlaryna sazandarlyk etdiler. Wladimir Mkrtumowyň sazandarlyk etmeginde, Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetirmeginde, Jorj Gerşwiniň «Meniň ritmim» («I’ve got rhythm») atly aýdymy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Gurbanmyrat Nobatowyň «Jaz wals» atly sazynyň täzeden işlenen görnüşini Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Röwşen Nepesow, sazandalar Aşyr Weliýew, Arslan Aşyrow ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Halkara jaz gününe bagyşlanan konsert Çary Nurymowyň sazyna, Gara Seýitliýewiň sözlerine döredilen «Aşgabat» atly aýdym bilen jemlendi. Bu aýdymy Döwlet simfonik orkestriniň sazandarlyketmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Konserte gatnaşyjy-lar ýurdumyzda sungatyň dürli ugurlarynyň ajaýyplyklaryna tomaşa etmek, jaz sungatyny ösdürmekde döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. 


Mähri PÜRÇEKOWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm