BUÝSANÇNAMA
228Ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärlerine diýseň uly hormat goýulýar. Halkymyzyň medeniýetli dynç almagy üçin Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň gije-gündiz edýän tagallasy netijesinde maňa-da ýaňy-ýakynda geçirilen «Türki ýurtlaryny we sebitlerini birleşdirýän türki medeniýetiniň halkara guramasy» tarapyndan Ýaş ýazyjylaryň arasynda Abaý Kunanbaýewiň 180 ýyllygyna bagyşlanan «Aktau türki döwletleriniň medeni paýtagty» ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigine döredijilik işler bilen gatnaşmak miýesser etdi. Bäsleşige dost-doganlyk ýurtlarymyz bolan Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Türkmenistan döwletimizden ýaş ýazyjylar gatnaşdylar. Bu bäsleşige «Arzuwyň ýolunda» atly drama eserim bilen gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp bolmak meniň hem paýyma düşdi. Şeýle bäsleşiklere, ýaryşlara gatnaşmaga, ýazmaga giň mümkinçilik döredýän, ýurdumyzyň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimden sagbolsun aýdýaryn. Goý, olaryň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri, mundan beýlägem, rowaçlyklara beslensin!
Döwletmyrat KARAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
dramaturgiýa taýýarlyk ugrunyň talyby.