PÄHIM PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

1269
   Türkmenistan döwletimizde her ýyly döwrebap atlandyrmak, şol ýyla bagyşlanan nyşany döretmek asylly adata öwrüldi. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly ”Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy, tutuş ilimizi juda begendirdi. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy, bu adyň iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş bir milletiň at-owazasyny, abraýyny belende galdyrýandygy bilen häsiýetlendi. Sebäbi,  halkymyzyň hakyky keşbi Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ähli döwürleriň durmuş hakykatyna laýyk röwüşlerde şekillendirilýär. Türkmen döwlet medeniýet institutymyzyň kitaphanasynyň okalga zalynda guralan üstümizdäki ýyla bagyşlanan, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly hemişelik sergi hem şonuň ykrarnamasydyr. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” we beýleki nusgalyk kitaplaryna uly orun berildi. Mundan başga-da Magtymguly Pyragynyň  köp tomly neşirleri, nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine bagyşlanan köp öwüşginli edebiýatlar, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy konferensiýalardaky çykyşlar sergide ýerleşdirildi. Özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmeýän eserleri bilen türkmen edebiýatynda uly yz galdyran nusgawy şahyryň şygyrlary älem, dünýä, adamzat ýaly uly meselelerden gündelik durmuşda ýüze çykýan meselelere çenli – ähli sowallara jogap bolup biljek gymmatly hazyna. Şahyryň şygyrlarynda gozgalýan meseleler, garaýyşlar alymlaryň, Pyragynyň döredijiligini öwrenijileriň okyjylara ýetiren kitaplarynda öz beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan eserler ýokary okuw mekdebimiziň okyjylary tarapyndan yzygiderli gyzyklanylyp, uly höwes bilen okaýarlar.

Gülbahar Durdyýewa,
Türkmen döwlet medeniýet
 institutynyň Kitaphana müdiri

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm