FORUMYŇ JEMLERINE BAGYŞLANDY

372

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň
özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň
jemleri boýunça institutymyzyň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Oňa
institutymyzyň halypa mugallymlarydyr bagtyýar talyp deň-duşlarymyz işjeň gatnaşdylar.
Çykyşlarda esasan, forumyň çäklerindäki duşuşyklaryň hem-de akyldar şahyrymyzyň
şygyrlarynyň dünýä derejesindäki ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň edildi.
Bilşimiz ýaly, foruma birnäçe döwletleriň Prezidentleri hem-de hökümet agzalary
gatnaşdylar. Olaryň çykyşlary hem halk köpçüliginiň buýsanjyna mynasyp boldy.
Umuman, maslahatdaky çykyşlarda akyldar şahyrymyzyň ömür we döredijilik ýoluny
çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň halkara guramalaryň
giň goldawyna mynasyp bolandygy bellenildi.



Aknur
MYRADOWA,



Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Share this post

11/06/2025

Announcement

The Turkmen State Institute of Culture is implementing

Our partners:
Adress:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Tel. numbers:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm