DÖREDIJILIGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
298Golaýda institutymyzyň mejlisler zalynda şahyr zenan
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň, şeýle-de Türkmenistanyň halk
artisti Aşyr Gurbanowyň, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sähragül
Janmämmedowanyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa
institutymyzyň halypa mugallymlarydyr bagtyýar talyplary gatnaşdylar. Duşuşyk «Ýaşlyk» teleradioýaýlymyna ýazgy edildi. Esasan, halypa
şahyryň sözlerine ýerine ýetirilen aýdymlar diňlenip, olaryň many-mazmuny
hakynda aýratyn nygtaldy. Şeýle-de Gözel halypanyň Gahryman Arkadagymyzyň ylham
akabasyndan bina bolan «Hakyda göwheri» atly täze kitabyna bagyşlanan goşgusy
okaldy. Duşuşygyň ahyrynda institutymyzyň talyplarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlara
uly orun berildi.
Akpamyk
GURTGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby.