«ORNUŇYZ TÖRDEDIR SARPAŇYZ BELENT, ÝAŞAÝŞA ÝARANDYR MÄHREM ZENANLAR» ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

386

Türkmen döwlet medeniýet
institutynda
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
at-myradyň mekany
ýylynda» Hormatly 
Prezidentimiziň, türkmen halkynyň 
Milli Lideri  Gahryman
Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk 
ähmiýetli  içeri we daşary  syýasatyny 
eziz Diýarymyzyň   ýeten belent
sepgitlerini, halkara abraýny, bedew batly ösüşlerini hem-de  pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy,
edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy ýokary okuw
mekdeplerinde okaýan talyp gyzlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Ornuňyz
tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly
wagyz-nesihat  çäresi geçirildi. Bu çäre
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi Geňeşi we
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde  guraldy. Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň 
Kitaphanaçylyk we arhiw işi kafedrasynyň uly mugallymy, ilkinji zenanlar
guramasynyň başlygy
Enejan Annadurdyýewa çäräniň guramaçylyk
işlerini alyp bardy.



Wagyz-nesihat çäresinde
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta
mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň
agzasy Ogultäç Babaýewa,
Arkadag şäher prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna
ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň
prokurory Jennet Arazowa,
Aşgabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň maşgala
lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy
Ogulsabyr Rejepowa, «Garagum» žurnalynyň
jogapkär kätibi,
Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy
Nurtäç Annamuhammedowa dagy
täsirli çykyş etdiler. Bu çäräni Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym
bölüminiň başlygy Sähragül Janmämmedowa alyp bardy.



Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň Ylym bölümi.

Поделиться

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm