GARAŞSYZLYGY BILEN GALKYNAN MEDENIÝETIM

640 Halkymyzyň köp asyrlardan bäri arzuwlan milli
Garaşsyzlygymyzyň hasyl bolanyna ýakyn wagtda 33 ýyl dolýar. Hut şu
nukdaýnazardan hem, institutymyzyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň
Garaşsyzlygy mynasybetli «Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşiň täze
tapgyry: medeniýet we sungat» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýagşygeldi
Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyna
Dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
bagtyýar talyplary, şeýle-de halypa mugallymlarymyzdyr bagtyýar talyp
deň-duşlarymyz maslahatda işjeň çykyş etdiler. Olaryň çykyşlary esasan, milli
Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, ýurdumyzyň durmuşyndaky ösüşler,
galyberse-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatlary bilen ýerine
ýetirilýän tagallalaryň ähmiýeti hakynda boldy. Maslahatyň ahyrynda
institutymyzyň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmegindäki çykyşlar oňa
gatnaşanlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Gülýaly ÖWEZOWA
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýýyl talyby

Share this post

11/06/2025

Announcement

The Turkmen State Institute of Culture is implementing

Our partners:
Adress:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Tel. numbers:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm