«Medeniýet ulgamynda döwrebap kanunçylyk özgertmeler» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

132

2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 14-nji maýynda
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet
institutynda “M
edeniýet ulgamynda döwrebap
kanunçylyk özgertmeler
” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatyň institutyň uly
mejlisler zalynda geçirilen açylyş dabarasynda Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty A.D.Aýdogdyýew giriş sözi bilen çykyş
etdi.



Ylmy-amaly maslahatyň umumy
mejlisinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk kafedrasynyň mugallymy G.Meredowa “Baýdagymyz
başymyzyň täjidir, kanunlarymyz kalbymyzyň güýjüdir”, medeni-guramaçylyk işi
kafedrasynyň mugallymy L.Orazowa “Tugum bar – Tugram bar”,  myhmanhana işewürligi kafedrasynyň mugallymy
G.Hojanyýazowa “Iki mukaddesligiň sazlaşygy”, režissura kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi N.Baýramow “Konstitusiýa – Watanyň daýanjy”, myhmanhana
işewürligi kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi H.Atagulyýewa “Kanunlar kalbymyzyň
güýjüdir”, dünýä tejribesini öwreniş kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi
A.Goçmyradow “Belentde parla, Ýaşyl Baýdagym!”, 
dünýä tejribesini öwreniş kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi M.Kulyýew
“Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy mizemez mukaddesliklerdir”, syýahatçylyk
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby M.Çaryýarowa 
(Ylmy ýolbaşçysy: Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk
kafedrasynyň uly mugallymy G.Öwezowa) “Konstitusiýa we döwlet baýdagy – milli
gymmatlygymyz” diýen temalar boýunça çykyş etdiler.



Ylmy-amaly maslahatyň I bölüminde
institutyň mugallymlarynyň 8-isi (G.Kulowa, B.Kurbanýazowa, G.Öwezowa,
E.Atdaýew, G.Agalykow, L.Babaýewa, A.Rahmanowa, R.Hojaniýazow), magistrantlaryň
6-sy (
B.Ataýewa, Ş.Ataýewa,
Ş.Beşerowa, B.Garlyýewa, O.Gulmyradowa, B.Gurbandurdyýewa), talyplaryň 8-isi (
B.Annaýewa, E.Ataýew, S.Batyrowa, B.Mämmedorazowa,
S.Nepesow, J.Çaryýewa, G.Hommadowa, O.Käbäýewa
) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşymyzdaky hem-de
dünýä derejesindäki orny, ýurdumyzy, halkymyzy belent ösüşlere alyp barmakdaky,
ýaş nesillere watançylyk, ynsanperwerlik, zähmet terbiýesini bermekdäki,
parahatçylygy we agzybirligi üpjün etmekdäki taryhy ähmiýeti barada ylmy
çykyşlary diňlenildi.



Ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, döredijilikli zähmet çekmegi
babatda ýurdumyzda döredilen şertler, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi üçin Gahryman
Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri ylmy-amaly maslahatdaky
çykyşlarda  giňden beýan edildi.



Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar onuň maksatnamasyna
laýyklykda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly
çykyşlaryny diňlediler.



Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň



           Ylym bölümi.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm