TALYPLARYŇ HALKARA OLIMPIÝADADA ÜSTÜNLIKLERI

423

TALYPLARYŇ HALKARA OLIMPIADADA
ÜSTÜNLIKLERI

            Türkmenistanyň
Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan
himiýa dersi boýunça III halkara olimpiada geçirildi.   Bu  bäsleşige dünýä döwletleriniň ýokary okuw
mekdepleriniň talyplarynyň aglabasy gatnaşyp özara bäsleşdiler.
     Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
teatr sungaty fakultetiniň talyplary Baýmyrat Selimow, Akmyrat Gullyýew, medeni
miras fakultetiniň talyby Owadanperi Tarhanowa dagylar gatnaşdylar. Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň üstünlikli çykyşlarynyň we
taýýarlygynyň netijesinde III orna ýagny, bürünç medala mynasyp boldular. Halkara
derejede geçirilen bu bäsleşikde biziň talyp deň-duşlarymyzyň baýrakly orunlara
mynasyp bolmagy biz talyp ýaşlaryň we halypa mugallymlarymyzyň buýsanjyny
artdyrdy, täze ýeňişlere ruhlandyrdy. Türkmenistanyň ylmy-bilimini dünýä
derejesinde ýokarlandyrmaga goşant goşýan talyplaryň aýratyn-da, bäsleşikde
ýeňiji bolan talyplaryň ählisini gutlaýarys.  Geljekde türkmen halkynyň bilimler
dünýäsindäki gazananlaryny Ýer ýüzüne wagyz-nesihat edip, Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistanyň ösüşlerinde mynasyp orunlarymyzyň boljakdygyna
ynanýarys. Zehinimizi, başarnyklarymyzy açyp görkezmäge ruhlandyrýan, ýeňişli
ädimlerimiziň başynda duran Milli Liderimiz Alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza jan saglyk, amala aşyrýan döwletli işlerinde üstünlikleriň  ýar bolmagyny arzuw edýäris. 



Gülälek
ORAZGELDIÝEWA,
        Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
          teatr sungaty
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

11/06/2025

BILDIRIŞ

Türkmen döwlet medeniýet institutynda Erasmus+

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm